Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz täze awtomobil ýoluny gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi

MilliInfo

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatyna berlen bildirişde aýdylýar.

Bäsleşik alty lot boýunça geçirilýär. Şeýlelikde, awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek boýunça işler dört bölekden ybarat bolar.

Göz öňünde tutulýan işleriň çäklerinde ýoluň ugrunda täze awtomobil köprüsi gurlar we bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi abatlanylar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň degişli resminamalary we teklipleri açyk halkara bäsleşik baradaky bildirişiň çap edilen gününden soň 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Aza­dy (2011) kö­çe­si­niň 95-nji ja­ýy.

Te­le­fon bel­gi­le­ri: 92-08-64, 92-06-06.

Elekt­ron sal­gy­sy: wes.aw­toyo­la­gency@gmail.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info