«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşigiň baş maksady eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmekden ybaratdyr.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler. Hödürlenjek eserleriň mazmuny ýurdumyzda «ýaşyl» ösüşe gönükdirilen işler, Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we tebigatyň abadançylygy, her bir adamyň gündelik durmuşynda tebigaty goramaga goşup bilýän goşandy, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda alnyp barylýan işler bilen bagly bolup biler.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmaly.
Hödürlenjek eserleri «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen watan@sanly.tm elektron poçtasyna 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabryna çenli ibermeli.
Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary hem-de baýraklar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 38-61-05, 38-61-07, 38-61-16, 38-61-17, 39-84-30.