Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli abraýly döredijilik taslamasynyň — Mahmyt Kaşgarly adyndaky VIII halkara hekaýalar bäsleşiginiň başlanýandygyny yglan etdi. Bu giň gerimli edebi çäre täze zehinleri ýüze çykarmaga, proza žanrlarynyň meşhurlygyny artdyrmaga we halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň (13.06.2026 ý.) habar bermegine görä, bäsleşige gatnaşmaga kyssaçylar we şahyrlar, ýaş awtorlar hem-de döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri çagyrylýar.
Taslama edebiýatçylara öz ussatlyklaryny giň okyjylar köpçüligine görkezmäge we häzirki zaman çeper edebiýatynyň hazynasyna goşant goşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. Bu bäsleşik, däp bolşy ýaly, bütin Ýewraziýa giňişliginden awtorlaryň ünsüni çekip, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we umumy taryhy-edebi mirasyň saklanyp galmagyna ýardam edýär.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibi, eserlere baha bermegiň ölçegleri, ýaş derejeleri we golýazmalara bildirilýän talaplar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web-saýtyndan jikme-jik tanşyp bilersiňiz.
