Maglumat tehnologiýalary boýunça startap bäsleşigi yglan edildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly maglumat tehnologiýalary boýunça startap bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, mugallymlar, telekeçiler, startap toparlarynyň agzalary, innowasion pikirleriň garaşsyz awtorlary, IT pudagynyň we kreatiw senagatlaryň hünärmenleri çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işewürlik taslamalaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetine tabşyrmalydyrlar. Salgysy: Aşgabat ş, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, 3-nji gat. Taslamalar 22-nji oktýabra çenli kabul edilýär.

Işewürlik taslamalary aşakda görkezilen ugurlar boýunça bahalandyrylar:

  • Innowasionlyk – taslamanyň täzeçilligi we özboluşlylygy;

  • Sosial-ykdysady ähmiýeti – ýurduň ösüşine goşant goşmagy, ileri tutulýan wezipeleri çözmek ukyby;

  • Durmuşa geçirilişi – taslamanyň tehniki we guramaçylyk taýdan ýerine ýetirilişi;

  • Biznes modeli – ykdysady netijelilik we girdejililik mümkinçilikleri;

  • Toparlaýyn işlemek – gatnaşyjylaryň sosial endikleri;

  • Çykyş (prezentasiýa) – düşnükliligi, täsirliligi we taýýarlyk derejesi.

Bäsleşik 25-nji noýabrda jemlener.

Üns beriň! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bäsleşikde ýeňiji bolan hem-de aýratyn tapawutlananlara ykdysady taýdan bähbitli we geljegi uly taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin maýa goýujylary çekmekde işjeň ýardam berer.

Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgiler boýunça guramaçylar bilen habarlaşyp bilersiňiz: 22-71-93, 22-74-07, 22-70-38.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo