Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesi «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we olaryň her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
Aşgabat şäheri boýunça:
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Şeker Şöhradowna Allagulyýewa;
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Täçmämmet Altymyradowiç Pürmämmedow;
Arkadag şäheri boýunça:
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Ýusup Gaýgysyzowiç Baýjykow;
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 3-nji ýyl talyby Didarmuhammet Wepaýew;
Ahal welaýaty boýunça:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Merdanowna Jumabaýewa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yhlas Kakageldiýewiç Samadow;
Balkan welaýaty boýunça:
Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Güljemal Rejepmyradowna Çakanowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Öwezgeldi Baýramgeldiýewiç Gutlyýew;
Daşoguz welaýaty boýunça:
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Aýperi Begenjowna Artykowa;
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň saz sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Sahy Nepesowiç Täçmedow;
Lebap welaýaty boýunça:
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Esen Bagtyýarowiç Atamuradow;
Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Ataniýazowiç Çaryýew;
Mary welaýaty boýunça:
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Oguljennet Bazarmyradowna Hojakowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Maksatmyradowna Rahmanowa.
