Gondurasyň çäginde soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek «bulutly ýaguar» bellige alyndy. Ýeke gezip ýören erkek ýaguar Sýerra-del-Merendon dag gerişlerinde ýerleşdirilen gizlin kamera düşdi. Surat deňiz derejesinden 2200 metr belentlikde alyndy.
Suratlara esasynda hödürlenen maglumatlara görä, haýwanyň saglyk ýagdaýy gowy: ol elýetmez tokaýly daglardaky gür ösümlikleriň arasyndan seresaplylyk bilen hereket edýär.
Gondurasyň bulutly tokaýlary 1987-nji ýyldan bäri döwlet goragyndadyr. Bu tebigy gurşaw uly pişikler maşgalasyna degişli ýyrtyjylar üçin ýaşaýyş şertleri üçin möhüm zolakdyr. Şunda soňky ýyllarda olaryň meşhurlygynyň dikeldilip başlanandygynyň alamatlary görünýär. Mysal üçin, 2021-nji ýylda ýurtda 17 ýyldan soň ilkinji gezek pumalar hem görlüpdi.