Paýtagtymyzda düýpli abatlanan Olimpiýa suw-sport toplumy açyldy

MilliInfo

2 sagat öň

Paýtagtymyzda düýpli abatlanan Olimpiýa suw-sport toplumy açyldy

Aşgabatda düýpli abatlaýyş işlerinden soň, düzümi doly halkara standartlaryna laýyk gelýän Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy ulanyşa girizildi.

Täzelenen desga 1741 tomaşaça niýetlenen bolup, ol ýüzmek, suwa bökmek, suw polosy we ýüzüş boýunça türgenleşikleri hem-de ýaryşlary, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Köpugurly toplum uzynlygy 50, ini bolsa 25 metre barabar bolan uly ýüzüş howzuny, suwa bökmek üçin ýöriteleşdirilen howuzy, akwaparky, çagalar howzuny, şeýle hem sport zallaryny, hammamlary, lukmançylyk otagyny, aşhanany we oýun sport görnüşleri üçin açyk meýdançalary öz içine alýar.

Ýaryşlary ýokary derejede guramak üçin niýetlenen howuz öňdebaryjy yşyk we ses enjamlary, şeýle hem suwasty wideogözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info