Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkyny Hasyl toýy bilen gutlady

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlagyny ýollady. Onda şeýle sözler beýan edilýär:

Eziz watandaşlar!
Edermen daýhanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň, bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna uludan tutulýan Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hasyl toýy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda merdana halkymyzyň yhlasyna, halal zähmetine, ene topragymyzyň eçilýän bol hasylyna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Ol daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýramdyr, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşanydyr.

Eziz watandaşlar!
Hormatly oba hojalyk işgärleri!

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Agzybirlikde çekilen zähmetiň, pudagyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagy netijesinde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmagy başardylar. Guşgursak bugdaý hasyly mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir.

Oba hojalyk işgärleriniň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen sahawatly türkmen topragynda ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar. Edermen gallaçy, pagtaçy daýhanlarymyz bolsa döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman, ak ýürekden, halal zähmet çekýärler. Täze-täze üstünlikleri gazanýarlar.

Merdana oba zähmetkeşleri!

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde öz tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan kärendeçileriň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň, bakjaçylaryň, bagbanlaryň we beýleki hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin mundan beýläk hem ähli şertler dörediler. Döwrebap oba hojalyk tehnikalary, enjamlardyr gurallar yzygiderli satyn alnar. Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik üpjün ediler. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçiriler. Döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerini, goldaw-kömeklerini, ýeňilliklerini ýakyndan duýup, halal zähmet çekmek üçin ähli tagallalar ediler. Türkmen daýhanynyň zähmetine mynasyp baha berilmegine aýratyn üns berler. Toprakdan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli şertler dörediler.

Edermen hasyl ussatlary!
Eziz watandaşlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen topragynyň rysgal-berekediniň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo