Arkadag şäherinde ABŞ-nyň abraýly uniwersitetlerine girmäge mümkinçilik berjek mekdep açylar

MilliInfo

23 Fewral, 2026

Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak, iňlis diline ýöriteleşdirilen täze mekdebiň açmagy meýilleşdirilýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.

«Ýurdumyzda gurlan «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak, iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdebi açmagy meýilleşdirýäris. Şunda esasy ünsi çekmeli zat bar: okuw prosesi ýaşlara ABŞ-nyň abraýly uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik bermäge gönükdiriler. Ine, şu ýerde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim hem-de ylmy jemgyýetçiliginiň häzirki işi üçin giň mümkinçilikler açylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda iňlis diline uly gyzyklanmanyň bardygyny tassyklady. Şunda häzirki günde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde iňlis dili öwredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň dördüsinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info