ÝHHG we «Inkubasia» Merkezi Aziýanyň zenan telekeçileri üçin «Sanly ösüş 2026» maksatnamasyny işe girizýär

MilliInfo
ÝHHG we «Inkubasia» Merkezi Aziýanyň zenan telekeçileri üçin «Sanly ösüş 2026» maksatnamasyny işe girizýär

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) «Inkubasia-ORG» bilen bilelikde zenan telekeçiligini ösdürmäge gönükdirilen «Sanly ösüş 2026: Işewürligi ösdürmek üçin sanly başarnyklar we emeli aň» atly tölegsiz sebit maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady.

Maksatnama 2026-njy ýylyň sentýabryndan dekabr aýyna çenli onlaýn görnüşde geçiriler we Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan hem-de Özbegistandan saýlanyp alnan 35 zenan telekeçini birleşdirer. Gatnaşyjylara 7 hepdelik amaly okuwlar, şeýle hem her hepde geçirilýän mentorlyk sapaklary hödürlener. Mundan başga-da, maksatnamanyň jemleýji iki günlük ýüzbe-ýüz çäresi Bişkek şäherinde geçiriler. Gatnaşmak bilen bagly çykdajylar guramaçylar tarapyndan tölenilýär.

Okuwyň esasy ugurlary:

  • Marketing, satuw we işewürligi dolandyrmakda emeli aňdan we sanly gurallardan peýdalanmak.

  • Marketpleýsler, sosial ulgamlar we maksatly mahabat arkaly önümleri we hyzmatlary öňe sürmek.

  • Öz işewürligiňi ösdürmek boýunça ädimme-ädim meýilnama taýýarlamak.

  • Sebitde üstünlik gazanan zenan telekeçilerden we Silikon jülgesiniň hünärmenlerinden mentorlyk goldawyny almak.

Gatnaşyjylar üçin talaplar:

  • 18 ýaşdan uly bolmak we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň birinde ýaşamak.

  • Hereket edýän işewürligiň bolmagy (iş tejribesi we ösüş depgini bolan kompaniýalar ileri tutulýar).

  • Rus dilini erkin bilmek we kompýuterde işlemegiň başlangyç başarnyklaryna eýe bolmak.

  • Okuw sapaklaryna işjeň gatnaşmaga we amaly tabşyryklary ýerine ýetirmäge taýýar bolmak.

Arza tabşyrmak boýunça maglumatlar:

Arzany şu ýerden tabşyryp bolýar.

Arzalaryň kabul edilýän möhleti: 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli, Bişkek wagty bilen sagat 17:00-a çenli (UTC+6).

Arza tabşyrmagyň görnüşi: onlaýn («Google» hasabyň bolmagy talap edilýär).

Ýerleriň sany çäklidir — bäş ýurduň her birinden jemi 35 gatnaşyjy kabul ediler.

Sowallar boýunça habarlaşmak üçin: info@inkubasialab.com we eni.gjergji@osce.org.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info