ÝHHG Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça maslahatçylary saýlaýandygyny yglan etdi

MilliInfo

4 Sentýabr, 2025

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energetikada bilim meseleleri boýunça maslahatçy wezipesine hünärmenler ätiýaçlygyny döretjekdigini yglan etdi.

Hünärmenleriň işi okuw kursunyň taslamasyny işläp taýýarlamaga we synag görnüşinde ornaşdyrmaga gönükdiriler — bu bolsa Merkezi Aziýanyň Sebit ekologik merkezi tarapyndan goldanylýan RTEET (Adalatly we inklýuziw energetiki geçiş üçin bilim boýunça sebit iş topary) başlangyjynyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir.

Maksat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde tebigy usulda gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça tehniki ugurly talyplar üçin häzirki zaman okuw kursuny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu işe okuw materiallaryny, usulyýet görkezmelerini taýýarlamak we ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrmak boýunça meýilnamalary düzmek hem girýär. Bu ugur sebitde durnukly we ýokary hünärli işgärler düzümini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Iş orny barada giňişleýin bilmek hem-de arza bermek üçin şu belligi basyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo