Geleşikleriň hepdelik bahasy 9 million 970 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy

MilliInfo

22 sagat öň

Geleşikleriň hepdelik bahasy 9 million 970 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekillerine portlandsement, pagta ýagy, bugdaý uny, buýan köküniň glisirrizin turşulygy, şeýle hem nah ýüplük we mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 215 müň manada deň bolan pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklaryny we bugdaý ununy satyn aldylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info