«Ýaş tebigatçy» «Ýaşyl geljek üçin bilelikde» atly eko-festiwala çagyrýar

MilliInfo

26 Iýun, 2026

«Ýaş tebigatçy» «Ýaşyl geljek üçin bilelikde» atly eko-festiwala çagyrýar

4-nji iýulda «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Ýaşyl geljek üçin bilelikde» atly ekologiýa festiwalyny geçirer. Bu çäre çagalar we ulular üçin ekologiýa bilimini, döredijiligi we dynç alşy birleşdirýän maşgala dabarasy bolar.

Myhmanlara daşky gurşawy goramaga we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesine bagyşlanan baý mazmunly maksatnama garaşýar.

Gatnaşyjylar art-ussatlyk sapaklary guralan çagalar döredijilik zolagyna baryp bilerler, STEM-workşoplaryna, baýrakly ekologiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Şeýle hem bukkrossingiň (kitap alyş-çalyşy) çäklerinde kitaplaryny çalşyp bilerler. Ekologiýa festiwalynyň dowamynda ikilenç çig maly ýygnamak zolagy guralar, onda her bir adam daşky gurşawy goramaga öz goşandyny goşup biler.

Bilim we interaktiw meýdançalardan başga-da, janly sesdäki sazly maksatnama we täsin harytlary tapyp hem-de zatlary ikilenç ulanmak ideýasyny goldap boljak garaž söwdasy taýýarlanyldy.

Festiwal tutuş maşgalaňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek, daşky gurşaw barada has köp zat öwrenmek we ekologiýa taýdan jogapkärli jemgyýeti kemala getirmäge goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

  • Sene: 4-nji iýul

  • Wagty: 16:00–19:00

  • Ýeri: «Bilelik Hub» döredijilik merkezi

  • Salgysy: Aşgabat ş., S.Seýdi köç., 70/1, «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, «C» blok, 1-nji gat.

Ýerleriň sany çäklidir.

Gatnaşmak üçin öňünden hasaba durmak ýa-da goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +993 64 268432.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info