«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy döredijilik bäsleşigini jemlendi

MilliInfo

4 Oktýabr, 2025

3-nji oktýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň çägindäki «Aşgabat» restoranynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet, žurnal sahypalarynda şöhlelendirmekden ybarat boldy.

Bu bäsleşige gatnaşanlar öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini hödürlediler. Netijede 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Mukam Bekgylyjow, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Maral Batyrjanowa we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Ogulgerek Ataýewa, 3-nji orna Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ogulgerek Zakirjanowa hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Röwşen Şyhberdiýew mynasyp boldular. Ýeňijilere dabarany guraýjylar tarapyndan telewizor, haly, tozan sorujy ýaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli guramanyň başlygy Leýli Şyhmadowa çykyş etdi. Ol «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäniň kitabynda onuň ady bar» diýip, şahyryň aýdylyşy ýaly, bag ekmeklige uly üns berilýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri netijesine ekologiýa diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny, köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna ýylyň-ýylyna gatnaşýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny buýsanç bilen belledi.

Şeýle-de guramanyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli bu ýere gelenleriň arzuwlary ýazylyp, ýörite gutynyň içine salnyp, ýene 10 ýyldan açmak maksady bilen arça agajy bilen bilelikde ekildi. Bu bolsa guramanyň işiniň has-da ilerlemegine ymtylyşyň beýany boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo