Bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

1 sagat öň

Bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bomyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Sungkýunkwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Bu ýerde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, täze ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli iki ýurduň arasynda bilim ulgamyna degişli dürli görnüşli ylalaşyklar we ähtnamalar baglaşylyp, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýady döredildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna şu gezekki resmi saparynyň çäklerinde Sungkýunkwan uniwersiteti bilen ýene bir Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrýan möhüm ädim boldy.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn nygtaldy. Duşuşykda sanly tehnologiýalar we maglumat elýeterliligi boýunça hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugurlaryň biridigi bellenildi.

Şeýle-de, iki ýurduň zehinli mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere hem-de dürli dersler boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändikleri nygtaldy.

Bu ýerde 1398-nji ýylda esaslandyrylan, 600 ýyldan gowrak baý akademiki däbi häzirki zaman emeli aň, täze energetika, inženerçilik we beýleki öňdebaryjy ylmy ugurlar bilen utgaşdyrýan Sungkýunkwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi.

Duşuşygyň dowamynda öňe sürlen teklipleriň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny has amaly derejä çykarmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge, ýaşlaryň we alymlaryň akademiki mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de häzirki zaman ylmy-tehnologik ugurlarda bilelikdäki işleri ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Sungkýunkwan uniwersitetiniň baý ylmy mümkinçilikleriniň we Türkmenistanyň ýaşlarynyň döredijilik kuwwatynyň utgaşdyrylmagy netijesinde uzak möhletleýin, özara bähbitli täze hyzmatdaşlyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info