14 — 18-nji noýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda iş saparynda boldy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti, Döwlet serhet gullugynyň başlygy general-polkownik Elçin Guliýew, şeýle-de «Sea Breeze» dynç alyş zolagyndaky sirkiniň ýolbaşçysy Allahwerdi Israfilow bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda atçylyk sporty we milli atçylyk oýunlary babatynda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary berkitmek, özara tejribe alyşmak, bar bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we Azerbaýjanda bu ugurda döredilen infrastruktura bilen tanyşmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Azerbaýjanda atçylyk we at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ösdürmek boýunça döredilen şertler we alnyp barylýan işler hem-de ol ýerde saklanýan atlar, aýratyn hem Garabag atlary bilen tanyşmak maksady bilen, Azerbaýjanyň «Bina» we «Serhetçi» atçylyk merkezlerine barlyp görüldi.
Saparyň dowamynda azerbaýjan tarapy 2026-njy ýylyň mart aýynyň dowamynda Baku şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramaga taýýarlygy barada deslapdan habar berdi.

