Bilim we ylym ulgamlarynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow we ilçihananyň birnji sekretary B.Ýazow Yslamabat şäherinde ýerleşýän Pakistanyň Bahria uniwersitetine bardylar.

Türkmen wekiliýeti uniwersitetiň Baş direktory Naim Sarwar hem-de Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň dekany, professor Adam Saud bilen duşuşyk geçirip, onda ylym, bilim, akademiki alyş-çalyş we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykdan soňra, ilçihananyň wekilleri «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly temada umumy sapak geçdiler. Ilçihananyň birinji sekretary öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty, onuň parahatçylygy we özara ynamy berkitmekdäki orny barada gürrüň berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň, TOPH we TOP ýaly energetika taslamalarynyň, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 12-nji dekabrda geçiriljek halkara forumyň ähmiýetini nygtady.

Umumy sapakdan soňra talyplar mowzuga uly gyzyklanma bildirip, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak hem-de TOPH we TOP energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi bilen bagly sowallary berdiler.

Ähli sowallara jikme-jik jogaplar berildi. Bu ýerde durnukly ösüşiň özara ynama we hyzmatdaşlyga esaslanýandygy we energetika taslamalarynyň sebit üçin strategiki ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo