Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-pakistan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýerde Parlament dialogyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bellenildi, şeýle hem özara bähbitli infrastruktura we energetika taslamalaryny ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagyň sebit durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.