Raşid Meredow ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşyk geçirdi

MilliInfo

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNISEF-iň 2026 — 2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu resminama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň öňdebaryjy edaralarynyň ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji nobatdaky sessiýalarynda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan tassyklanyldy.

Taraplar täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşdylar. Maksatnama çagalaryň irki ösüşi, inklýuziwlik we jemgyýete goşulyşmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi hem-de ýaşlaryň goşulyşmagy ýaly esasy ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem duşuşykda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ÝUNISEF-iň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine hem garadylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo