Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahimiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli hem halkara çäreler barada giňişleýin maglumat berdi.
Ilçi M.Aýazow 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi mälim etdi. Şeýle hem Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge we dünýäde türkmen bedewleriniň şöhratyny artdyrmaga uly üns berilýändigini belledi.
Duşuşykda türkmen diplomaty Saud Atçylyk Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikirlerini beýan etdi.