Hytaýda okamagy arzuw edýäňizmi? 13-nji martda bu ýurduň ýokary bilim boýunça onlaýn maglumat sessiýasy geçiriler

MilliInfo

4 sagat öň

Hytaýda okamagy arzuw edýänleriň ählisine örän möhüm waka garaşýar. HSK-nyň «Hytaýda bilim almak» atly ýokary bilim onlaýn sergisine az wagt galdy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Sene we wagt: 2026-njy ýylyň 13-nji marty (anna güni), sagat 09:00-dan 12:15-e çenli.

Geçirilýän ýeri: «ZOOM» platformasy.

Sizi nämeler garaşýar?
Hytaýyň 6 öňdebaryjy uniwersiteti öz okuw maksatnamalaryny hödürlär:

  • Pekin uniwersiteti

  • Şanhaý ulag uniwersiteti

  • Pekin tehnologiýa instituty (Çžuhaý şäherindäki kampusy)

  • Harbin inženerçilik uniwersiteti

  • Lançžou ulag uniwersiteti

  • Guýçžou uniwersiteti.

Maksatnama girýär:

— talyp haklary we grantlar;

— bakalawr we magistratura maksatnamalary;

— okuw we ýaşaýyş şertleri;

— uniwersitet şäherjikleriniň (kampuslaryň) düzümi;

— iň esasy zat bolsa her ýokary okuw mekdebi tarapyndan rus dilinde geçiriljek 30 minutlyk tanyşdyrylyş we göni ýaýlymda sowallary bermek mümkinçiligi!

Çäre dolulygyna rus dilinde geçiriler.

Sergi Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň goldawy bilen guralýar.

2016-njy ýyldan bäri bu çäre dünýäniň 47 ýurdunda geçirildi we bütin dünýä boýunça hytaý dilini öwrenýän 8 milliondan gowrak adama kömek etdi.

Gatnaşmak mugt we orunlaryň sany çäklendirilmedik.

Ulgama goşulyň, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmek baradaky ähli maglumatlary öwreniň we sowallaryňyzy okuw mekdepleriniň wekillerine göni beriň!

Maslahatyň kody aşakdaky suratda görkezilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info