2026-njy ýylda Türkmenistanyň pasportynyň orny we mümkinçilikleri barada syn

MilliInfo

57 minut öň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň pasportynyň orny we mümkinçilikleri barada syn

2026-njy ýylda Türkmenistanyň pasportyna eýe bolanlaryň erkin hereketlilik (mobillik) indeksi 59 sany dürli ugry öz içine alýar. Bu bolsa dünýä ýurtlarynyň umumy geriminiň, takmynan, 29,8%-ine barabar bolup, umumy reýtingde 158-nji orna gabat gelýär.

Elýeterli ugurlaryň umumy sanyndan 13-si wizasyz barmaga mümkinçilik berýär, 42 ugur baranyňdan soň wiza almagy ýa-da ýeňilleşdirilen girişiň tertibini hödürleýär, 4 ugur bolsa elektron syýahat rugsady bolan «eTA-ny» resmileşdirmegi talap edýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa, ozalkysy ýaly, 139 döwlet üçin öňünden wiza resmileşdirmek hökmany bolup galýar.

Dünýäniň sebitleriniň elýeterlilik derejesiniň özboluşly aýratynlyklary bardyr. Iň ýokary görkeziji Karib basseýniniň ýurtlarynda (56,3%) bellige alyndy, olardan soň bolsa Afrika (42,6%) we Aziýa (38,8%) döwletleri gelýär. Ýewropa ugry boýunça elýeterlilik 2,1 %-e barabardyr, Pars aýlagy döwletlerine barmak üçin bolsa hökmany suratda öňünden wiza almak talap edilýär. Merkezi Aziýa sebitinde elýeterlilik görkezijisi 25% derejesinde durýar.

Köpýyllyk ösüş meýilleriniň seljermesi onýyllygyň başlangyjy bilen deňeşdirilende, hereketlilik görkezijileriniň tapgyrlaýyn ösýändigini tassyklaýar, şeýle hem ýurduň açyklyk we myhmansöýerlik boýunça dürli halkara reýtinglerindäki ornuny şöhlelendirýär. Döwlet halkara gatnaşyklaryny giňeltmek we dünýä giňişliginde öz raýatlarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info