Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

MilliInfo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmeli.

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermeli.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň karary bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info