Türkmen gazçylarynyň nobatdaky üstünligi 2026-njy ýylyň ýokary netijelere beslenjekdiginiň nyşany boldy

MilliInfo

Täze – 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda milli energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde gazanylan uly üstünlik hakyndaky habarda «Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli gurluşlarynda eýe bolnan ajaýyp netijeler öz beýanyny tapýar.

Şunlukda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan Galkynyş känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde 110 belgili ulanyş guýusy 4180 metr çuňluga burawlandy. Degişli gatlagyň 4149 – 4015 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir gije-gündizde senagat taýdan 2 mln kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.

«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan kükürtsiz gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça kesgitlenen meýilnama laýyklykda, Merkezi Garagum gaz känler toplumynda ýerleşýän Toparjulba gaz käninde 264 belgili ulanyş guýusy 1200 metr çuňluga burawlanyp, aşaky mel döwrüniň apt gatlagynyň 1085 – 1082 metr aralygy özleşdirilende senagat taýdan bir gije-gündizde 300 müň kub metre golaý tebigy gazyň akymy alyndy.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmak, «Galkynyş» gaz känini yzygiderli özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzda bu ugry ösdürmek, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info