Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşdy

MilliInfo

22 Noýabr, 2025

19-20-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, gazna tarapyndan, şol sanda beýleki döwletlerdäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly işler alnyp baryldy. Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary haýyr-sahawat gaznasynyň halkara işiniň özboluşly dowamy boldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi.

Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna baryp gördi. 1764-nji ýylda Ýekaterina II tarapyndan esaslandyrylan bu muzeý häzirki wagtda ýurduň medeni mirasynyň nyşanyna öwrüldi. «Ermitaž» sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Muzeýde gadymy we häzirki güne çenli dürli döwürlere, sungat akymlaryna degişli 3 milliondan gowrak sungat eseri saklanýar. Bu ýerde Leonardo da Winçi, Rembrandt, Wan Gog, Pikasso ýaly tanymal sungat ussatlarynyň naýbaşy eserleri jemlenendir.

Bu ýerde dürli döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem taryhyna we medeniýetine degişli gymmatlyklar bar. Şolaryň hatarynda gadymy Nusaýdan, Merwden tapylan arheologik tapyndylar, gadymy senetçileriň keramika, metal, dokma önümleri, halylar, milli lybaslaryň nusgalary bar.

Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen duşuşdy.

Soňra ol Tawriçeskiý köşgüne geldi. «Tawriçeskiý köşgi» döwlet toplumy Newa derýasynyň kenarynda ýerleşip, federal ähmiýetli medeni mirasyň obýekti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu ýerde maslahatlar, sammitler, medeni çäreler geçirilýär.

Köşgüň duşuşyklar otagynda Oguljahan Atabaýewany Ýekaterina Dibrowa mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda ýadygärlik surata düşüldi.

Bellenilişi ýaly, biomedisina tehnologiýalaryny döretmek we iş tejribesine ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda lukmançylyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda ösdürmekde eýeleýän işjeň orny bilen şertlendirilendir.

Soňra Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasyna gatnaşdy. «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda moda pudagyny, dokma senagatyny we dizaýny ösdürmäge bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän çäredir.

Halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda moda pudagynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik moda ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sessiýanyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem çykyş etdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu wekilçilikli forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, sessiýanyň adynyň häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde saglyk meselesine ünsi çekýändigini belledi. Çünki adamyň saglygy onuň ykdysady, durmuş, ruhy-ahlak abadançylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda saglygy goramak diňe bir lukmançylyk wezipesi bolman, eýsem, döwletleriň we halklaryň ösüşini, abadançylygyny üpjün edýän esasy şertleriň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň jogapkärli agzasy hökmünde ýurtda ilatyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işlere umumadamzat ösüş maksatlaryna goşant hökmünde garaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň 26-syna gol çekildi we olaryň çäklerinde her ýyl dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň Hökümeti bilen BMG tarapyndan her bäş ýyldan kabul edilýän Türkmenistan üçin ýurt boýunça Maksatnamanyň resminamasy alnyp barylýan maksatnama-taslama işiniň esasyny düzýär. Ýakynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin niýetlenen nobatdaky Maksatnama kabul edildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada belläp geçdi. Nygtalyşy ýaly, bu gazna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilip, çagalara, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berýär. Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirildi. Şeýle hem onuň ýanynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň özünde merkezde 900-e golaý çaga bejergi aldy. Şeýlelikde, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» şygary amaly taýdan durmuşa geçirilip, bu işler eneleriň we çagalaryň saglygyny berkitmäge, olaryň beden, durmuş, maddy, ruhy abadançylygyna hem-de ösüşine gönükdirilendir.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy.

D.Gurskaýa Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde taryhy işleri bitirýändigini belläp, onuň tejribesiniň dünýä nusgalykdygyny aýtdy hem-de gazna bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Oguljahan Atabaýewa teklibi kabul edip, duşuşmaga ýörite Sankt-Peterburga gelendigi üçin D.Gurskaýa minnetdarlyk bildirdi. Ol Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara maslahata Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň, şol sanda Diana Gurskaýanyň hem gatnaşandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, gazna çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin ýerli guramalardyr edaralar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa «Georgin» gaznasynyň alyp barýan işiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň maksatlary bilen gabat gelýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk bejergisiniň geçirilýändigini aýtdy.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy gaznanyň alyp barýan işleri barada aýdyp, soňky ýyllarda haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesine lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilendigini belledi. Şeýle hem bu düzüm halkara ynsanperwerlik işine möhüm ähmiýet berýär. Hususan-da, gazna tarapyndan Russiýadaky, Türkiýedäki, Owganystandaky, Palestinadaky, Täjigistandaky we beýleki ýurtlardaky çagalara ynsanperwerlik kömekleri iberildi.

W.Matwiýenko strategik hyzmatdaşlyk, umumy medeni däpler bilen baglanyşýan ýurtlarymyzyň ynsanperwer ulgamda bilelikdäki işiň baý tejribesini toplandyklaryny aýdyp, şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze gözýetimleri açýandygyna ünsi çekdi.

Nygtalyşy ýaly, Russiýa Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Ýakyn taryhy, medeni, ruhy, ynsanperwer gatnaşyklar halklarymyzy ýüzýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýär hem-de häzirki wagtda bu gymmatly mirasy, toplanan bilelikdäki tejribäni gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, ony türkmen-rus döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek işinde hem giňden ulanmak üçin bilelikde köp işler edilýär.

Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Walentina Matwiýenko «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi ekspozisiýalaryny synladylar. Sergide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerler, brendler we önüm öndürijiler, halkara hyzmatdaşlar moda pudagynda gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Tawriçeskiý köşgünde Russiýa Federasiýasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň dizaýnerleriniň moda görkezilişine tomaşa etdi.

Şeýlelikde, Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş sapary türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo