Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Kompozitor» atly filmi Türkiýede görkeziler

MilliInfo

11 Fewral, 2026

17-nji fewralynda Ankara şäheriniň «Yaşar Kemal» medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döreden «Kompozitor» atly filminiň görkezilşi guralar. Görkeziliş Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň Türki dünýäniň halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygy esasynda geçiriler.

Filmiň görkezilişi 14:00-da başlanýar.

«Kompozitor» filmine halkara derjesinde hem ýokary baha berilýändigini bellemek gerek. 2025-nji ýylyň noýabrynda Moskwanyň «Nikita Mihalkowyň «12-nji» ussahana» teatrynda ilkinji gezek geçirilen halkara kinofilm baýragynyň — «Göwher kebelegiň» gowşurylyş dabarasynda ildeşimiz Meýlis Hudaýberenow bu film üçin «iň gowy suratkeş» diýlip ykrar edilipdi we bahasy 250 müň amerikan dollaryna barabar bolan baýrak bilen sylaglanypdy.

«Kompozitor» atly filmiň görkezilişi Ankara şäheriniň Zülfü Tigrel şaýolunyň 3-nji jaýynda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info