Türkmenistanyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan «Ojar Aziýa» «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyp, jemgyýetçilik ähmiýetli we strategik taýdan möhüm bolan taslamalarynyň giň toplumyny hödürledi.
Hususy kärhana häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmek we işewürligi döwlet ähmiýetli ileri tutulýan ugurlary amala aşyrmaga işjeň çekmek ugruny alamatlandyrýan «AZIÝA – Arkadagly zamana işewürlige ýol açdy» diýen şygar astynda öz işini alyp barýar.
Ekspozisiýada Sarahs – Mary – Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy esasy orunlaryň birini eýeledi. Bu ägirt uly infrastruktura taslamasy ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini berkitmäge, sebitleri birleşdirmäge we Türkmenistanyň logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Taslamanyň aýratynlygy onuň içeri hem daşary maýa goýumlaryny çekmek arkaly amala aşyrylmagydyr. Bu işde Hytaý Halk Respublikasyndan bolan hyzmatdaşlara möhüm orun degişlidir.
Kompaniýanyň hünärmenleri türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, şol sanda ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam edýändigini we hususy ulgam üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň işine halkara önümçilik we ulag-logistika zynjyryna üstünlikli goşulyşmagyň nusgasy hökmünde garalýar.
2025-nji ýyldan bäri bu kompaniýa Hytaýyň öňdebaryjy öndürijileriniň, şol sanda «Dongfeng Motor Corporation», «Great Wall Motors» we «INFORE ENVIRO» ýaly kompaniýalaryň Türkmenistandaky resmi wekili bolup durýar. Hyzmatdaşlygyň geografiki gerimi Hytaýyň iň iri senagat sebitlerini öz içine alýar.
Hojalyk tehnikalary ugruna aýratyn üns berilýär. Hususan-da, «INFORE ENVIRO» kompaniýasy şäher hojalygy üçin döwrebap enjamlar — süpüriji-arassalaýjy maşynlar, suw sepiji tehnikalar, zibil ýygnaýjy desgalar, gar we çygly örtükleri arassalamak üçin niýetlenen tehnikalar, şeýle hem akylly arassalaýyş ulgamlary bilen üpjün edýär.
«Ojar Aziýa» gurluşyk we ulag düzümini ösdürmegiň çäklerinde «Dongfeng Motor Corporation» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen tehnikalaryny, şol sanda ýük we ulag serişdelerini hem hödürleýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň ygtyýarynda dürli taslamalarda ulanylýan şeýle tehnikalaryň 20-ä golaýy bar.
Ýeňil awtomobiller ulgamy hem uly gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň biri bolmagynda galýar. «Great Wall Motors» ýokary geçijiligi, döwrebap tehnologiýalary we oňaýlylygy özünde jemleýän «Haval» we «TANK» markaly modellerini hödürleýär. Awtoulaglar howpsuzlyk ulgamlary, sürüjä kömekçi hökmünde hyzmat edýän akylly ulgamlar we energiýa tygşytlaýjy çözgütler bilen enjamlaşdyrylandyr. Kompaniýanyň resmi merkezinde bu markalaryň 60-a golaý awtoulagy görkezilýär.
Hytaýly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk diňe bir tehnika getirmek bilen çäklenmeýär. «Ojar Aziýa» ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda we Maryda hyzmat ediş merkezlerini açdy we olaryň toruny giňeltmegini dowam etdirýär. Tehniki hyzmatlary we kepillendiriş borçnamalaryny ýerine ýetirmek işini kompaniýanyň düzümine girýän «Berk Hyzmat» hojalyk jemgyýeti amala aşyrýar.
Mundan başga-da, kompaniýa diňe bir önümleri import etmek ugruny däl, eýsem, distribýusiýany, ýerli ýygnama işlerini ösdürmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem uly ähmiýet berýär.
Ýokarda agzalan awtoulaglaryň serwis merkeziniň salgysy:
G.Kulyýew köçesi, 38 («Ojar Aziýa» ofisi).
Tel: +993 62 555005