«Okamadyk öküner»: ekitap.gov.tm salgysyndaky elektron kitaphanadan peýdalanýanlaryň sany artýar

MilliInfo

23 Iyul, 2026

«Okamadyk öküner»: ekitap.gov.tm salgysyndaky elektron kitaphanadan peýdalanýanlaryň sany artýar

«Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde elektron kitaphanalaryň gory barha baýlaşdyrylýar. Kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň elektron görnüşi okyjylara elýeterli edilýär.

Häzirki wagtda ekitap.gov.tm salgysyndaky elektron kitaphanadan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sanly kitaphana ulgamydyr. Bu ulgam «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýen paýhasa eýerýän jemgyýetimiziň kitap okamak medeniýetini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasy «Elektron kitaphanalar» diýlip atlandyrylýar. Onda kesgitlenişi ýaly, şeýle görnüşdäki platforma kitaphana gaznasynyň elektron görnüşidir, okyjylara kitaphananyň ygtyýarynda bar bolan kitaplary bermek üçin tertipleşdirilen elektron resminamalaryň toplumydyr.

Ulanyjylar platforma girmek üçin hereket edýän telefon belgisi arkaly hasaba alynýarlar we abuna meýilnamalaryny saýlaýarlar. Sanly gurşawdaky ähli kitaplar, sesli kitaplar, žurnallar we beýleki materiallar awtorlyk hukugy bilen goralýar. Kitaphananyň internet sahypasy «Baş sahypa», «Habarlar», «Kitaphanalar», «Kitaplar», «Okalanlar», «Žurnallar», «Meýilnamalar» ýaly bölümlerden düzülendir.

Elektron kitaphanada okyjylar degişli bölümlerden çeper edebiýatlary, sungat, jemgyýetçilik, tebigy ylymlar we tehnika, dil bilimi, edebiýat, lukmançylyk, taryh, sport, maliýe, ykdysadyýet boýunça kitaplary okap bilerler. Platformada «Ylmy neşirler», «Çagalar üçin kitaplar», «Iň köp okalýan kitaplar», «Okuw-usuly kitaplar», «Orta mekdepler üçin kitaplar», «Tebigat barada kitaplar» ýaly bölümçeler hem hereket edýär.

Elektron kitaphanada sesli kitaplaryň gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda çeper eserleriň ýüzlerçesiniň şu görnüşdäki ýazgylary taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda ertekileriň hem bolmagy çagalaryň kitaba söýgüsini artdyrmaga ýardam berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info