«Xiaomi» uly otaglar üçin kuwwatly «Mijia» kondisionerini satuwa çykardy

MilliInfo

8 Iýun, 2026

«Xiaomi» uly otaglar üçin kuwwatly «Mijia»  kondisionerini satuwa çykardy

«Xiaomi» Hytaýda täze «Mijia Air Conditioner Strong Wind Pro Vertical Super 3 HP» sütünli (ýerde durýan) kondisioneriniň satuwyna başlady. Täze önüm 6499 ýuanlyk (960 dollar) bahadan hödürlenilýär, döwlet subsidiýalary hasaba alnanda bolsa onuň bahasy 5524 ýuana (815 dollar) çenli düşýär.

Bu model uly meýdanly otaglar üçin niýetlenendir. Onuň öndürijiligi sagatda 1820 inedördül metre ýetýär.

Öndürijiniň berýän maglumatlaryna görä, kondisioner 15 sekundyň içinde sowadyş tertibine, 30 sekundyň içinde bolsa ýyladyş tertibine geçmäge ukyplydyr. Şeýle hem «Xiaomi» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, enjam iň ýokary kuwwatynda işlände, 10 minudyň içinde otagyň temperaturasyny 8 gradus peseldip ýa-da şol wagtyň içinde 13 gradus ýokarlandyryp bilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info