MMA garyşyk başa-baş söweş sungatlarynyň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitindäki «UBS Arena» sport toplumynda geçiriljek «PFL NY» ýaryşynda oktagona çykýar.
«PFL» guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýän ildeşimiziň garşydaşy şol reýtingiň bäşinji basgançagynda ýerleşen iňlis söweşijisi Simeon Pauell bolar.
Ýeri gelende bellesek, türkmen söweşijisi ahyrky tutluşygyny 16-njy aprelde awstraliýaly Taýson Pedronyň garşysyna geçiripdi. Şonda eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky ýeňşini dabaralandyrypdy.
Häzirki güne çenli Döwletjanyň professional rekordy — 26 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňlik. Bu görkezijiler onuň Türkmenistanyň MMA taryhyndaky iň tejribeli we netijeli türgenleriniň biridigini tassyklaýar.
Türkmen türgeniniň sport ýoluny diňe bir ýeňişler däl, eýsem, taryhy üstünlikler hem bezeýär. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasanganaýy birinji raundyň 58-nji sekundynda nokaut bilen ýeňip, PFL-iň çempionlyk guşagyny eýeläpdi.
