Mümkinlikleriň penjiresi: «IFT 2026» halkara maýa goýujylar üçin hasaba alyşy dowam etdirýär

MilliInfo

18-nji martda Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum geçiriler we ol maýa goýujylar bilen ýurduň çalt ösýän hususy pudaklarynyň arasyndaky göni gepleşikler üçin möhüm platforma öwrüler.

Forum senagat, oba hojalygy önümlerine, gurluşyk, logistika we innowasion taslamalara gönükdiriler. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Demirgazyk we Günorta Ýewropadan, Günorta-Gündogar Aziýadan hem-de Demirgazyk we Günorta Amerikadan bolan wekilleriň ençemesi firumyň gatnaşyjysy hökmünde hasaba alyndy.

Mahlasy, foruma ýüzlerçe wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Gatnaşyjylaryň sanynyň çäklendirilmegi işewür gepleşikler üçin amatly we netijeli gurşawy üpjün eder. Hasaba alyş «IFT 2026» forumynyň resmi web sahypasy arkaly amala aşyrylýar, goşmaça maglumat we maslahat almak üçin bolsa «TMT Consulting» toparyna ýüz tutup bilersiňiz.

Kompaniýalar öz gatnaşjakdygyny wagtynda tassyk etmäge we halkara hyzmatdaşlaryny çagyryp, täze iş aragatnaşyklaryny döretmäge, hyzmatdaşlygy giňeltmäge we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçiliklere eýe bolarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info