Türkmenistanda 20 müňe golaý mekdep okuwçysy we talyp ýaşlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransuz institutynyň bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň çäklerinde fransuz dilini özleşdirýärler. Bu barada Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fillip Merlen 14-nji iýulda Aşgabatda geçirilen «Fransiýanyň Milli baýramy» mynasybetli dabaraly kabul edişlikde mälim etdi.
Ilçi iki ýurduň bilim edaralarynyň hem-de medeni we bilim taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýän Fransuz institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Çykyşyň dowamynda taraplaryň fransuz dilini meşhurlygyny artdyrmak we bar bolan bilim başlangyçlaryny giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
