MMA söweş sungatlarynyň türkmenistanly ussady Abbas Abbasow «LFA 232» ýaryşynda nobatdaky ýeňşini gazandy.
Ildeşimiz braziliýaly tejribeli garşydaşy Regiwaldo Karwalýu bilen geçirilen dartgynly söweşde 2-nji raundda seňseletmek arkaly güýçli garşydaşyny ynamly ýeňmegi başardy. Bäsdeşini nokaut etmegi onuň netijeli urgulary bilen tanalýan türgendigini ýene bir ýola tassyklady.
Ajaýyp üstünlik MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça milli mekdebimiziň uly ösüşlere eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Ildeşimiz ozal hem tutluşyklaryň ençemesini ýeňiş bilen tamamlap, MMA dünýäsinde uly abraý gazanypdy.