Oktýabrda ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda eýe bolan üstünlikleriniň sergisi geçiriler

MilliInfo

23 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti 2025-nji ýylyň 10 — 12-nji oktýabry aralygynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär. Gözden geçirilişiň guramaçylyk toparynyň çakylygy şu günki «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek halkara gözden geçiriliş hem-de maslahat Watanymyzyň şu ugurlarda ýeten belent sepgileriniň beýanyna öwrüler.

Forumyň guramaçylyk topary Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň gyzyklanma bildirýän hünärmenlerini hem-de bilermenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, şeýle-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň beýleki wekillerini ähmiýetli foruma gatnaşmak üçin çagyrýar.

Halkara serginiň işi bellenen günlerde 10:00-dan 18:00-a çenli dowam eder.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81 (82), (83), (84), (85, (86). Faks: 39-89-49.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo