Olimpiýa utuklarynyň ýolunda: türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionlygy ugrunda göreşe başlaýarlar

MilliInfo

1 sagat öň

Olimpiýa utuklarynyň ýolunda: türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionlygy ugrunda göreşe başlaýarlar

Şu gün — 27-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Ningbo şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlanýar. Bu möhüm ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary hem medallar ugrunda göreşer. Agyrlygy boýun egdirmegiň türkmen ussatlary bu ýaryşa diýseň taýýarlykly barýarlar. Çünki nobatdaky dünýä çempionaty türgenlerimiziň olimpiýa utuklaryny toplamagy üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Dünýä çempionatynda türkmen ýygyndysyndan öz agram derejesiniň ussatlary çykyş ederler. Erkekleriň arasynda Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow (ikisi hem 75 kg), Gaýgysyz Töräýew (85 kg), Rüstem Annaberdiýew (95 kg) hem-de Şahzadbek Matýakubow (110 kg) dagy olimpiýa utuklary ugrunda ýaryş münberine çykar. Şeýle-de Ogulşat Amanowa (53 kg), Şabnam Kerimbaýewa (57 kg), Medine Amanowa (69 kg), Gülälek Kakamyradowa (77 kg) we Anamjan Rustamowa (86 kg) ýaly zehinli gyzlarymyz çempionlyk üçin bäsleşer. Olaryň birnäçesiniň abraýly ýaryşlarda medallara eýe bolan ussatlardygyny bellemek gerek. Milli ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygyndaky ykjam türgenleşikler bolsa ussatlarymyzyň has-da taplanmagyny şertlendirýär.

Elbetde, Ningbo şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty türkmen ýygyndysy üçin diýseň ähmiýetli synag bolar. Los-Anjeles oýunlarynyň ilkinji saýlama ýaryşy bolan çempionat sportuň olimpiýa maksatnamasyndan ornuny tapan görnüşi bolan agyr atletika bilen meşgullanýan ussatlarymyzdan diýseň ýokary taýýarlygy talap edýär. Şonuň üçin hem, ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň taýýarlyk derejesine uly ähmiýet berildi.

Ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň ýurdumyzyň jana şypaly howasy bilen tanalýan Gökdere jülgesinde geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi. Şondan soň bolsa agyr atletikaçylarymyzyň bu taýýarlygy Türkiýe Respublikasynda dowam etdirildi. 8-nji oktýabrdan şu günlere çenli Stambul şäherinde geçilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ussatlarymyzyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagy başarmaklarynda, şeýle hem sportuň şu görnüşinden halkara tejribesini özleşdirmeklerinde we ählitaraplaýyn kämilleşmeklerinde täsirli tapgyr hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Munuň özi türgenlerimiziň sanlyja günden başlanjak çempionata birkemsiz taýýarlygyny üpjün eder.

Dünýä çempionaty 8-nji noýabra çenli dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info