Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin geljek daşary ýurtly janköýerlere niýetlenen täze mümkinçiligi — «FIFA Pass» ulgamyny resmi taýdan hödürledi. Munuň özi FIFA arkaly resmi petek alan janköýerleriň wiza boýunça ýüztutmalarynyň hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleriň wagtynyň has öňe geçirilen tertipde amala aşyrylmagyna ýardam eder.
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen Prezident Trampyň Ak tamdaky duşuşygynda ilkinji gezek resmi taýdan mälim edilen bu ulgamyň doly ady aýdyldy — «Prioritized appointments scheduling system».
«Eger siz dünýä çempionaty üçin resmi FIFA petegini satyn alan bolsaňyz, onda ABŞ-a girmek boýunça wiza üçin wagty öňe süýşürilen kabul ediş mümkinçiligine eýe bolarsyňyz» — diýip, Infantino belledi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bolsa şu maksatnama bilen baglylykda, dünýäniň dürli ýurtlarynda 400-den gowrak täze konsul işgäriniň wezipesine girişendigini nygtady. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň 80 %-inde ABŞ-nyň wiza kabul ediş wagty 60 günüň içinde elýeterli edilýär.
Täze ulgam boýunça FIFA petegini alan ýolagçylar ýörite «FIFA portal» arkaly wiza ýüz tutmalaryny we söhbetdeşlikleri prioritete goýdurmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Munuň özi müňlerçe janköýeriň wiza boýunça ýüztutmasynyň wagtyny ep-esli gysgaldar.

