Amerikanyň «ChatGPT-niň» döredijisi hökmünde tanalýan «OpenAI» kompaniýasy dünýäniň startaplarynyň arasynda birinje basgançaga geçdi. Onuň bahasy 500 milliard amerikan dollaryna deň boldy.
Şeýlelik bilen, ol Ilon Maskanyň «SpaceX» kompaniýasyny yzda galdyrdy. «SpaceX-niň» bahasy häzirki wagtda 400 milliard dollar diýlip çaklanýar.
Amerikanyň meşhur «Bloomberg» neşiriniň maglumatlaryna görä, «OpenAI» kompaniýasyna degişli täze bahasy işgärleriň paýnamalarynyň bir bölegini satmak arkaly amala aşyrylan ylalaşyk netijesinde kesgitlenildi.
Meselem, 2025-nji ýylyň aprelinde «OpenAI» diňe 300 milliard dollarlyk baha deňdi. Bilermenler bu ajaýyp ösüşi maýa goýujylaryň emeli aň tehnologiýasyna bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny we bu tehnologiýanyň ykdysadyýet hem-de dürli toplumlar boýunça ösüş getirip biljekdigini tassykladylar.
Kompaniýa 2015-nji ýylyň dekabrynda Sem Altman we Ilon Mask tarapyndan esaslandyryldy. Mask 2018-nji ýylda kompaniýany terk etdi, 2023-nji ýylda bolsa öz «xAI» kompaniýasyny döretdi.
Ýeri gelende bellesek, Ilon Mask 1-nji oktýabrda taryhda ilkinji baýlygy 500 milliard dollara ýeten ynsan hökmünde bellige alyndy. Bu maglumat baý adamlaryň ýagdaýyny hakyky wagtynda yzarlaýan «Forbes Real-Time Billionaires» neşiri tarapyndan beýan edildi. Günüň ahyrynda «Forbes» Maskyň baýlygynynyň 499,1 milliard dollara barabardygyny habar beripdi. 1-nji oktýabra geçileninden soň bolsa onuň 500 milliard dollarlyk görkezijä ýetendigi aýan edildi
«Tesla» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 1-nji oktýabrda gündogar ABŞ-nyň wagty bilen sagat 15:30-da takmynan 4% ýokarlanmagynyň onuň esaslandyryjysy Ilon Maskyň baýlygyna 9,3 milliard dollar goşulmagyna sebäp bolandygyny hem «Forbes USA» ýazýar.
«Forbes» žurnalynyň bellemegine görä, Mask eýelik edýän serişdesiniň görkezilen möçberi bilen dünýäniň taryhynda şeýle baýlyga eýe bolan ilkinji ynsan boldy. Onuň reýtingdäki iň ýakyn bäsdeşi — «Oracle» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Larri Ellison bolup, milliarderleriň arasyndaky tapawut 150 milliard dollara golaýdyr.
Habarda Maskyň baýlygynyň soňky bäş ýylda 20 esse artandygyny tassyklanylýar.

