Bazar meýillerinden öňe saýlanyp: Maryda «ýaşyl» gurluşygyň halkara standartlary öwrenilýär

MilliInfo

15 Oktýabr, 2026

Bazar meýillerinden öňe saýlanyp: Maryda «ýaşyl» gurluşygyň halkara standartlary öwrenilýär

Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), durnukly gurluşygy ösdürmek we energiýa netijeli milli mümkinçilikleri artdyrmak üçin niýetlenen hünär okuwlarynyň tapgyryny geçirýär. Okuw maslahatlary Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, BMGÖM-niň «Energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy babatynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň Milli mümkinçiliklerini giňeltmek» atly taslamanyň çäklerinde, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilýär.

Hünär okuwlarynyň tapgyry 7-nji oktýabrda gurluşyk pudagyna energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesini öwrenmäge bagyşlanan okuw sapaklary bilen başlandy we oktýabr aýynyň 8-inden 23-ine çenli energiýany az mukdarda ulanýan binalaryň gurluşygyny ösdürmegiň halkara tejibesini öwrenmek boýunça okuw maslahatlary bilen dowam edýär.

Bu hünär okuwynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndyň (TDEI) mugallymlary we talyplary, «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de Mary şäheriniň häkimliginiň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Gatnaşyjylar energiýa netijelilik pudagyndaky döwrebap çözgütleri ulanmagyň tejribesi, energiýany az mukdarda ulanýan binalaryň gurluşygynyň çemeleşmeleri, energiýa netijeli binalary sertifikatlaşdyrmak ulgamlary we şeýle çözgütleriň Türkmenistanyň howa şertlerini nazara almak bilen ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler.

Okuwyň dowamynda gün energiýasyny we beýleki gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini gurluşyk pudagynda ulanmagyň, energiýany netijeli ulanmaga ýardam berýän inženerçilik çözgütlerini gurluşyk pudagynda ornaşdyrmagyň, energiýany az mukdarda ulanýan binalaryň gurluşygynda ýylylyk örtüklerinden peýdalanmagyň hem-de binalarda energetika barlagyny geçirmegiň amaly okuwyna aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar gün we ýel energiýasynyň esasynda işleýän ulgamlar bilen tanşyp hem-de energiýa netijeli gurluşykda olary ulanmak mümkinçiliklerini naraza alyp Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) desgalaryna hem-de «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki meýdançasyna barýarlar.

Bu başlangyç GEF-iň maliýe goldawy bilen BMGÖM tarapyndan, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň we «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info