22-31-nji oktýabr aralygynda Bahreýniň paýtagty Manama Aziýanyň sport hereketiniň merkezine öwrüler. Bu ýerde Ýaşlaryň arasynda III Aziýa Oýunlary geçiriler. Ýaryşlara 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli türgenler gatnaşar.
Bahreýndäki Oýunlaryň maksatnamasy sport görnüşleriniň 25-sini özünde jemleýär. Bu sanawda boks hem bolup, Türkmenistan bu abraýly ýaryşda bäş türgenden ybarat bolan boks boýunça ýygyndysy bilen çykyş eder.
Kerim Esenmyradowyň we Dawutgeldi Geldiyewiň ýolbaşçylygynda ringe çykjak türgenler:
Abdyrahym Öwezgulyýew (46 kg çenli agram derejede);
Ybragim Iskanderow (50 kg çenli);
Abdyresul Arslanow (54 kg çenli);
Aziz Farhadow (60 kg çenli);
Toýly Bazarow (66 kg çenli).
Ýaryşyň başlanmazyndan ozal türkmen boksçulary Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde güýçli depginde taýýarlyk işlerini geçdiler. Türgenleşik işleri Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulowyň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy. Bu bolsa ýaş türgenler we tälimçiler düzümi üçin jogapkärli ýaryşyň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr boldy.

