«Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) nobatdaky konferensiýasynyň dowamynda 2025-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemleri jemlenildi.
Däp bolşy ýaly, ýylyň iň ökde wekilleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň hem-de Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde kesgitlenildi.
Ses berlişigiň jemine görä, geçen möwsüm «Ahal» toparynda çykyş eden Elman Tagaýew möwsümiň «Iň ökde oýunçysy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsümde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp tapawutlanan hüjümçi hökmünde öňdeligi eýeledi.
«Iň ökde tälimçi» diýen ada «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi Wladimir Baýramow mynasyp boldy. Onuň ýolbaşçylygynda «Arkadag» topary geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatynda, Kubok bäsleşiginde hem-de Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda ýeňiş gazanyp, üstünlikli çykyş etdi. Şeýle-de, topar AFK-nyň Çagyryş ligasynda hem ýeňiş gazanmagy başardy.
Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde «Altyn Asyr II» toparynyň hüjümçisi Weýisgeldi Orazdurdyýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Ol garşydaşlarynyň derwezesinden 19 top geçirip, ýaşlar birinjiliginiň iň netijeli oýunçylarynyň arasynda öňe saýlandy.
Geçen möwsümde birnäçe wajyp duşuşykda ýokary derejede eminlik eden FIFA-nyň emini Resul Mämmedow «Iň ökde emin» diýlip yglan edildi. FIFA-nyň kömekçi emini Yhlas Kurambaýew «Iň ökde kömekçi emin» boldy. Zenanlaryň arasynda bolsa bu ada FIFA-nyň kömekçi emini Kristina Bersenýowa mynasyp görüldi.
«Adalatly oýun görkezen topar» baýragy ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» futbol klubyna gowşuryldy. Ýaşlar birinjiliginde bolsa bu baýraga «Merw II» topary mynasyp boldy.
Şeýle-de möwsümiň dowamynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi (iki düzüm) kesgitlenildi.
Birinji düzüm:
Rasul Çaryýew («Arkadag») – derwezeçi;
Mekan Saparow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow (hemmesi «Arkadag») – goragçylar;
Şanazar Tirkişow, Welmyrat Ballakow, Mirza Beknazarow (hemmesi «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal») – ýarym goragçylar;
Didar Durdyýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisi-de «Arkadag») – hüjümçiler.
Ikinji düzüm:
Rüstem Ahallyýew («Arkadag») – derwezeçi;
Yhlas Toýjanow («Arkadag»), Bagtyýar Gürgenow, Hakmuhammet Bäşimow (ikisi-de «Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr») – goragçylar;
Şamämmet Hydyrow («Arkadag»), Alibek Abdyrahmanow, Gurban Annaýew (ikisi-de «Ahal»), Myrat Annaýew («Altyn Asyr») – ýarym goragçylar;
Daýanç Meredow («Köpetdag»), Enwer Annaýew («Ahal») – hüjümçiler.