Küşt boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň ýeňijileri belli boldy

MilliInfo

8 sagat öň

Aşgabat şäherinde küşt boýunça ýylyň iň möhüm ýaryşy bolan Türkmenistanyň çempionaty — Ýokary liga tamamlandy. Ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň gatnaşmagynda iki aýlawly ulgamda geçirilen bäsleşik çekeleşikli pursatlara baý boldy.

Zenanlaryň arasyndaky netijeler

Zenanlaryň bäsleşiginde Lala Şohradowa (2109) mümkin bolan 14 utukdan 11,5 ball toplap, ýurdumyzyň iň güýçli zenan küştçüsi diýen adyny ýene bir gezek ynamly tassyklady we altyn medala mynasyp boldy. Kümüş medaly 8 utuk bilen Jahan Rejepowa (2051) , bürünç medaly bolsa 7,5 utuk toplan Mähri Agamyradowa (1926) eýeledi.

Şeýle-de, 12 ýaşly zehinli küştçi Dilber Hüpbiýewanyň (1916) görkezen oýny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol 6,5 utuk toplap, tejribeli garşydaşlaryna garşy durnukly oýun görkezdi we milli ýygyndy topara girmäge örän golaý geldi.

Açyk derejedäki netijeler

Amanmuhammet Hommadow (2269) 11 utuk bilen çempion bolmagy başardy. Wepaly Halynyýazow (2194) 9,5 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Şahruh Turaýew (2211) bolsa 8,5 utuk toplap, üçünji orna mynasyp boldy.

Ýaryşyň netijeleri esasynda, zenanlar ýygyndy toparymyza Leýla Şohradowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa dagy hem girizildi. Erkekler ýygyndysynyň düzümi bolsa reýting boýunça öňde barýan grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew bilen ýetirildi.

Ýeňijiler Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

Halkara ýaryşa tarap

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 17-27-nji fewral aralygynda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek «Russiýanyň küşt täji» atly halkara ýaryşyna gatnaşar. Bu bäsleşik sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna görülýän taýýarlygyň iň möhüm tapgyrlarynyň biri bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info