ABŞ-da startap açmak — hakykatda bu näme, onuň aňyrsynda nämeler bar? Uly möçberli maýa goýumlarmy, tiz ösüşmi, halkara derejesinde ykrar edilmekmi ýa-da synaglaryň, çözgüt gözlegleriniň we önümiň üstünde yzygiderli işlemegiň uzak ýolumy?
«Startup Academy» sizi ABŞ-nyň «SalesShortcut» startapynyň esaslandyryjysy Merdan Durdyýew bilen 19-njy iýunda geçiriljek ýörite duşuşyga çagyrýar. Bu duşuşyk türkmenistanly telekeçiniň dünýäniň iň bäsdeşlikli bazarlarynyň birine nädip çykyp bilendigini, nähili kynçylyklary ýeňip geçendigini we haýsy çözgütleriň öňe gitmäge kömek edendigini hut onuň özünden öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Açyk söhbetdeşlik görnüşinde geçjek duşuşykda spiker ABŞ-da biznes gurmagyň hakyky tejribesi barada gürrüň berer, startap ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna degip geçer we gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap berer. Siz öz ideýaňyzyň üstünde işleýän, biznesiňizi ösdürýän ýa-da diňe bir taslama başlamak barada oýlanýan bolsaňyz, bu duşuşyk size kitaplardan we wideolardan tapyp bolmajak gymmatly täzeçe garaýyşlary (insaýtlary) we amaly bilimleri berer.
Ýerleriň sany çäklidir.
Sene we wagt: 19-njy iýun, sagat 18:30
Ýeri: «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi
Gatnaşmagyň bahasy: 100 manat
Hasaba durmak üçin çeşme https://forms.gle/vcUsWWxpcc8n4QrY9 salgysyndan ýa-da +993 61 13 09 29 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.