30-njy ýanwarda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda möwsümiň iň garaşylýan saz wakalarynyň biri — Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň «Saýlanan» («Избранное») atly konsert maksatnamasy bolar.
Şol agşam diňleýjilere simfoniki nusgalardan başlap, häzirki zaman kinolarynyň saz eserlerine çenli uzajak sazly syýahat garaşýar.
Konsertiň maksatnamasynda:
«Awatar» we «Ýüzükleriň hökümdary» filmlerinden epiki sazlar;
«Anna Kareninanyň» äheňine esaslanýan saz temalary;
Nury Halmämmedowyň we Daňatar Hydyrowyň kalba ýakyn saz eserleri;
«Ussa we Margarita» dramasynyň keşpleri we Paganininiň sazy garaşýar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu konsert ynsan ruhunyň güýji baradaky hekaýat bolup, ol kirişli saz gurallary orkestriniň dili bilen beýan ediler. Bu ýerde ýerine ýetiriljek her bir kompozisiýa aýratyn bir duýgy we çuň tolgunmadyr.
Konsert sagat 19:00-da başlanýar.
Petekleri şu telefon belgileri arkaly sargyt edip bilersiňiz:
55-90-15; +993 62 53-28-71