17-nji sentýabrda Tahyr Ataýewiň orkestriniň gatnaşmagynda «MARVEL VS DC» atly sazly şowhun bolar.
Konsert iki meşhur super gahrymanlaryň älemini — «Marveli» we «DC-ni» bir sahnada birleşdirer, olaryň meşhur saundtrekleri bolsa simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar.
Konsertiň dowamynda tomaşaçylara super gahrymanlar baradaky filmleriň we hekaýalaryň belli gahrymanlary bilen baglanyşykly saz temalary hödürlener. Maksatnamada Möý-adam (Spider-Man), Betmen, Tor we beýleki meşhur gahrymanlaryň janköýerlerine tanyş bolan saz eserleri ýerine ýetiriler.
Taslamanyň esasy aýratynlygy iki älemiň — «Marveliň» we «DC-niň» saz arkaly özara deňeşdirilmegi bolar. Meşhur saundtrekleriň simfoniki interpretasiýasy uly ekrandaky super gahrymanlaryň taryhyna hemra bolan sazlary täzeçe diňlemäge mümkinçilik berer.
Tahyr Ataýewiň orkestri maksatnamany sazly bäsleşik görnüşinde hödürlär, onda «Marveliň» we «DC-niň» gahrymanlary bilen baglanyşykly eserler bir sahnada yzygiderli ýaňlanar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, konsert diňe bir super gahrymanlar baradaky filmleriň janköýerlerine däl, eýsem, simfoniki saza we döwrebap saz taslamalaryna gyzyklanma bildirýän diňleýjilere hem niýetlenendir.
«MARVEL VS DC» konserti 17-nji sentýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda guralar.
Tomaşaçylara öz halaýan tarapyny — «Marveli» ýa-da «DC-ni» saýlamak we iki meşhur super gahrymanlar äleminiň sazly duşuşygynyň gatnaşyjysy bolmak teklip edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 55-90-15, +99362532871
