Tahyr Ataýewiň orkestri jadyly sazlaryň we söýgüli gahrymanlaryň dünýäsine syýahata çagyrýar

MilliInfo

12 sagat öň

27-nji fewralda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda köp sanly haýyşlar boýunça Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň «Multkonserti» geçiriler.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, tomaşaçylar üçin iň meşhur multfilmleriň we seriallaryň saundtreklerini janlandyrýan täsin hem şowhunly maksatnama taýýarlanyldy.

Konsertiň dowamynda size hödürlenjek täsin çykyşlar:

  • «Moana» bilen täsin adalaryň ritmlerini duýmak;

  • «Kokonyň syry» (Тайная Коко) bilen ýatdan çykmajak syýahata çykmak;

  • «Enkanto» multfilmindäki Madrigal maşgalasynyň jadyly dünýäsine aralaşmak;

  • Şrek bilen bilelikde göwün açmak.

Mistiki sazlar bolsa ajaýyp agşamyň has-da täsirli geçmegine getirer: şunlukda, «Uensdeý» (Wednesday), «Örän geň işler» (Stranger Things) we «Huntrix» filmleriniň iň meşhur sazlary giň sahnany gurşap alar.

Bu diňe bir konsert däl-de, janly ýerine ýetirijilik we joşgunly energiýa arkaly söýgüli hekaýalaryňyzyň dowamyna öwrüljek hakyky syýahat bolar.

Başlanýan wagty: 19:00.

Petek sargyt etmek üçin: 55-90-15, +99362-53-28-71

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info