Tahyr Ataýewiň orkestri konsert maksatnamasy bilen çykyş eder

MilliInfo

12 Sentýabr, 2025

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylary hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryny 3-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda guraljak «Täze zehinli sesler» («Новые голоса») atly konsertine çagyrýar.

Orkestriň sahnadaky sazlaryna ýurdumyzyň Arslan Öweznyýazowyň ýolbaşçylygyndaky Kamera horuna gatnaşyjylaryň hem-de Aşgabat şäherindäki 4-nji sazçylyk mekdebiniň Gülälek Baýrammyradowanyň ýolbaşçylygyndaky çagalar horunyň owazlary goşular.    

Maksatnamanyň çäginde türkmen hem daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserleri ýaňlanar.

Goşmaça maglumatlar afişada hödürlenilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info