Türkmen agyr atletikaçylary Daşkentde medallaryň sanyny artdyrýarlar

MilliInfo

13 Awgust, 2026

Türkmen agyr atletikaçylary Daşkentde medallaryň sanyny artdyrýarlar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 7-14-nji awgust aralygynda Daşkentde geçirilýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Bu ýaryşa 29 ýurtdan 300-den gowrak türgen gatnaşýar, şol bir wagtda bu ýaryşyň çäginde Merkezi Aziýa çempionaty hem geçirilýär.

60 kg çenli agram derejesinde «Olimp» sport mekdebiniň okuwçysy Atabek Azamatow yklym birinjiliginiň iki sany kümüş medalyny gazandy. Ol silterläp götermekde 113 kg, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 245 kg netije görkezdi.

Daşoguz welaýatyndan Şabnam Kerimbaýewa (53 kg çenli) hem ajaýyp netije görkezdi. Aziýa çempionatynyň ýetginjekler arasyndaky ýaryşynda ol itekläp götermekde «altyn» (103 kg) we iki sany «kümüş» medal (silterläp götermekde — 83 kg, jemi — 186 kg) gazandy. Ýaşlaryň arasyndaky derejede türgen gyzymyz iki kümüş we bir bürünç medal gazandy, Merkezi Aziýa çempionatynyň çäginde bolsa üç altyn medal gazanyp, ýeňiji boldy.

Ýaşlaryň arasynda 69 kg çenli agramda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Medine Amanowa itekläp götermekde (121 kg bilen) bürünç medala mynasyp boldy.

Ýene bir bürünç medaly Rahman Galkanow gazandy. Ol ýaşlaryň arasynda 85 kg çenli agramda silterläp götermekde 155 kg netije görkezdi.

Mary welaýatyndan Gülzada Berdimuhammedowa (57 kg çenli) Merkezi Aziýa çempionatynda ýygyndy toparyna üç sany kümüş medal getirdi. Onuň netijeleri: silterläp götermekde 67 kg, itekläp götermekde 85 kg we iki görnüşiň jeminde 152 kg.

Eminler toparynda Türkmenistana halkara derejeli emin Osmanguly Handurdyýew wekilçilik edýär.

Häzirki wagta çenli türkmen agyr atletikaçylarynyň hasabynda Aziýa çempionatynyň 10 medaly (1 altyn, 6 kümüş, 3 bürünç) we Merkezi Aziýa çempionatynyň 6 medaly (3 altyn we 3 kümüş) bar.

Ýaryşlar dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info