«BOLD Zerodan» peýdaly «Näzli» suwuna çenli: «Ýüpekçi» HJ «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde tomus serginliginiň trendlerini hödürleýär

MilliInfo

24–25-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda her ýyl geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» sergisi paýtagtyň, ajaýyp şäheriň gazanan üstünlikleriniň we ony has-da gowulandyrmaga goşant goşýan adamlaryň baýramy hökmünde uly ruhubelentlikde dowam edýär. Gatnaşyjylaryň arasynda 10 ýyldan gowrak bäri milli bazarda mynasyp ornuny tapan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hem bar.

Kompaniýa öz diwarlygynda bäsdeşlige ukyply 11 brendiniň giň görnüşler toplumyny hödürledi, olaryň her biri eýýäm türkmen sarp edijileriniň gyzgyn söýgüsini we ynamyny gazanmagy başardy.

Toplumyň «flagmany» (öňdebaryjysy) — bütin ýurt boýunça iň köp satylýan witaminleşdirilen we gazlandyrylan «BOLD» içgisidir. Saglygyna üns berýänler we şekerden gaça durýanlar üçin bolsa kompaniýa täze «BOLD Zero» toplumyny — şol bir tagama eýelik edýändigine garamazdan, kaloriýasyz görnüşini hödürledi. Brend peýdaly önümiň örän tagamly bolup biljekdigini subut edip, özüniň iň meşhur iki tagamyny: ekzotik we şireli «BOLD Mango» hem-de serginlediji «BOLD Blueberry» görnüşlerini tanyşdyrdy.

Çaýy söýüjiler üçin bolsa «Softea» atly sowuk çaýyň iki görnüşi hödürlenýär.

Sowuklygy söýüjileriň arasynda hakyky «hit» — « Real Moxito». Laýmyň we ter narpyzyň nusgawy sazlaşygyndan ybarat bolan bu içgi özüniň üýtgeşik serginlik beriji tagamy bilen eýýäm bütin ýurtda sarp edijileriň söýgüsini gazandy.

«Näzli» mineral suwy hem diwarlykda aýratyn orny eýeleýär. Bu amatly we ýumşak minerallaşdyrylan agyz suwudyr. Onuň düzümindäki natriý we hloridli tebigy gurluş bedende suw deňagramlylygyny saklamaga hem-de elektrolit ýitgisini dikeltmäge kömek edýär, bu bolsa türkmen tomsunyň yssy şertlerinde saglyk üçin örän möhümdir.

Şeýle-de sergide «Bulvar» mineral suwy we kiçi ýaşly sarp edijiler üçin özüne çekiji dizaýny hem-de tagamy bilen tapawutlanýan «Hosal Kids» çaga şireleri tanyşdyryldy.

«Ýüpekçi» HJ diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da ykrar edilýän brenddir. Kompaniýa Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Russiýa Federasiýasyna eksport ugurlaryny işjeň ösdürýär. Topar hiliň berk gözegçiligi we türkmen brendini halkara meýdançasynda tanatmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär.

«Ak şäherim Aşgabat» sergisi biziň üçin paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dünýä derejesindäki ýokary hilli, innowasion we peýdaly önümleriň Türkmenistanda öndürilip bilinjekdigini subut etmäge ajaýyp mümkinçilikdir!» — diýip, kompaniýanyň hünärmeni belleýärler.

24–25-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezine gelip, «Ýüpekçi» HJ-niň diwarlygyna baryň we şu tomus üçin özüňize laýyk iň halan tagamyňyzy saýlaň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info