Hytaý bilen Merkezi Aziýany täze serhetüsti demir ýol ugry birleşdirdi. Birinji ýük düzümi Sinin şäherinden (Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinhaý welaýatynyň dolandyryş merkezi) ugrady we Türkmenistana tarap ýol aldy. Bu giň gerimli logistik taslamasy Sinhaý-Tibet belentligini Hazar deňzi bilen birleşdirip, söwda, maýa goýumlary we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.
55 sany konteýnerli wagondan ybarat bolan otly 5 420 kilometr aralygy bary-ýogy 14–15 günüň içinde geçer. Şeýle tizlik bu ýoly deňiz gatnawlaryndan birnäçe esse çalt bolan gury ýer alternatiwasyna öwürýär.
55 konteýnerli wagon ýüklenen otly Sinhaý, Gansu we Sinjan welaýatlaryndan geçip, Horgos porty arkaly Hytaýyň çäginden çykar. Ol Gazagystanyň şäherlerini, şol sanda Almatyny geçip, Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Agara stansiýasyna geler.
Bu ugruň işe girizilmegi Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ulag ulgamyny ösdürmekde diýseň möhüm ädim boldy.
Hytaýyň Sinhaý welaýaty üçin bu taslama täze derejä çykmagy aňladýar: sebit özüni Hytaýyň günbatar welaýatlaryny Merkezi Aziýa ýurtlary we Hazar sebiti bilen gönüden-göni baglanyşdyrýan iri halkara logistik merkezi hökmünde berkidýär. Yzygiderli gatnawyň ýola goýulmagy diňe bir aralygy gysgaltman, eýsem, serhetüsti söwdany ulgamly giňeltmek üçin ygtybarly ykdysady ulgamy hem döredýär.
