4-7-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherindäki COEX sergi merkezinde Seul halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär. Aziýa sebitinde uly halkara syýahatçylyk sergisi hasaplanýan forum dünýäniň ençeme ýurtlaryndan syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalary, awiakompaniýalary, işewür we saglyk syýahatçylygy boýunça hünärmenleri giň meýdançada jemledi.
Serginiň esasy mowzuklary halkara we içerki syýahatçylyk, lukmançylyk hem saglyk syýahatçylygy, ekosyýahatçylyk we syýahatçylykda innowasiuýalar, tehnologiýalar bolup durýar.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Eşretli syýahat», «Gadymy mirasa syýahat» hem-de beýleki birnäçe syýahatçylyk kärhanalary iri sergä öz mahabat önümleri bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini forumyň daşary ýurtly myhmanlaryna hödürlediler.